Erdogan Hezreti Möwlananyň dünýeden öten gününiň 745 ýyllygy bilen bagly çärä gatnaşdy

Prezident Rejep Taýýip Erdogan, Yslam dünýäsinde açlygyň, haosyň we terroryň bir gyrgyn keseli ýaly ýaýraýandygyny belläp, çözgüt ýoly hökmünde Hezreti Möwlananyň aýdanlaryny görkezdi

1109022
Erdogan Hezreti Möwlananyň dünýeden öten gününiň 745 ýyllygy bilen bagly çärä gatnaşdy

Erdogan Konýa şäher häkimliginiň Sport we kongres merkezinde Möwlananyň dünýeden öten gününiň 745 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilen Şebi Arus programmasynda çykyş etdi.

Çykyşynda Yslam geografiýasynda başdan geçirilýän meseleleriň üstünde durup geçen Erdogan: “Ýemende millionlarça çaga ambisiýalaryň ýesiri bolan musulmanlaryň eli bilen açlyga we ölüme sezewar edilýär. Palestinada basyp alyjylyk, Liwiýada haos, Somalide açlyk, Owganystanda terror we durnuksyzlyk bir gyrgyn ýaly günsaýyn ýaýbaňlanýar” diýip belledi.

Siriýadaky ýagdaýyň hem üstünde durup geçen Erdogan: “Goňşymyz Siriýada takmynan 8 ýyl bäri dowam edýän zulum her gün başga bir adamlaryň janlaryny almaga dowam edýär. 1 million siriýalynyň gyrylan Siriýada , entegem ýurdyň başynda bolan şol adam ýerini goramak üçin göreş alyp barýar. Käbirleri onuň ýerini goramagyna goldaw berýär” diýip nygtady.

Yslam dünýäsiniň üstünde oýnalmak islenýän oýunlara ünsleri çeken Prezident Erdogan: “Messep we düşünjeleriň üsti bilen biri-birimiziň göwünlerine degdirip, käbirler şeýtan düzgünlerini dowam etdirmek isleýär” diýdi.

Çözgüt tekliplerini hem orta atan Erdogan: “Hezreti Piriň adamzady, ylahy söýgini, ahlagy we ýagşylygy öň hatara çykarýan deňsiz-taýsyz maslahatlaryna hemişekiden has köp zerurlygymyz bar” diýdi.

Çözgüdiň bir bolmak, iri bolmak, diri bolmak, dogan bolmakdan ybaratdygyny aýdan Erdogan: “Muny başaran mahalymyz Yslam dünýäsiniň halas boljakdygyna, geýdirilmek islenýän kepeni ýyrtjakdygymyza ynanýaryn, çünki Möwlananyň aýdanlary bir zada boýun bolmazlyk, adamlary beýgeltmek, çaknyşygy däl raýdaşlygy gözbaş almakdan gaýdýar” diýip belledi.



Degişli Habarlar