Çawuşogly Global Bosgun ylalaşygynyň kabul edilmegi bilen bagly beýanat berdi

Türkiýäniň Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly Global Bosgun ylalaşygynyň kabul edilmegi bilen baglanşykly: “Bu ylalaşyk, bosgunlaryň meselelerine giňişleýin çözgüt tapmak taýdan möhüm bir global ädim” diýdi

1108893
Çawuşogly Global Bosgun ylalaşygynyň kabul edilmegi bilen bagly beýanat berdi

Mewlüt Çawuşogly Global Bosgun ylalaşygynyň kabul edilmeginden soň, BMG-niň Bosgunlar ýokary komissarlygy tarapyndan BMG-niň Baş merkezinde geçirilen maslahata wideo şekilli ýüzlenme iberdi.

Çawuşogly: “Gynansagam halkara jemgyýet şu güne çenli bosgunlara we ýerlerini terk eden adamlara kömek bermekde ýeterlik derejede tagalla etmedi. Bu adamlar ejir çekmeklerini dowam etdirýär, emma ejir olaryň kysmaty bolmaly däl, parahatçylyk içinde, buýsanç bilen ýaşamalydyrlar. Bosgunlaryň esasy zerurlyklaryny üpjün etmelidiris we olara bilim, saglygy goraýyş we iş tapmalydyrys. Bosgunlara gujak açan ýurtlaryň we jemgyýetleriň gyssagly ýagdaýda goldanmaga zerurlyklary bar” diýip belledi.

Esasan hem bilimiň üstünde aýratyn durup geçen we Türkiýede bilimiň esasy ugurlaryň başynda gelýändigine ünsleri çeken Çawuşogly, ýiten bir nesiliň bolmazlygy we bosgunlaryň çagalaryna has gowy geljek goýup gitmegimiz üçin ähli tagallalaryň edilemelidigini nygtady.

Çawuşogly: “Global Bosgun ylalaşygy bir pursat we halkara jemgyýet mundan beýläk boş durmaly däldir. Iň gysga wagtda herekete geçmelidiris” diýip belledi.

Ylalaşygyň kabul edilmeginiň ýeterlik däldigini, durmuşa geçirilmeginiň has zerurdygyny aýdan Çawuşogly, ähli taraplaryň adalatly ýük we jogapkärçilikleriniň paýlaşylmagynyň wagtynyň gelendigini beýan etdi.

Çawuşogly öňümizdäki ýyl geçiriljek Global Bosgun forumynda has anyk taslamalaryň orta goýulmalydygyny belläp, 4 milliondan gowrak adama ýer eýeçiligini eden we siriýalylar üçin 33 milliard dollardan gowrak pul sarp eden Türkiýäniň, taýýarlyk etabynda bolşy ýaly bosgunlar ylalaşygynyň durmuşa geçirilmeginede goldaw bermäge dowam etjekdigini habar berdi.

181 ýurt tarapyndan goldanan Global Bosgun ylalaşygyna ABŞ we Wengriýa garşy boldy.



Degişli Habarlar