Mejlisiň başlygy Ýyldyrym, Hytaýdan soň Gyrgyz Respublikasynyň paýtagty Bişkege bardy

Binaly Ýyldyrym Bişkekde Halkara Manas howa menzilinde dabaraly ýagdaýda garşylandy

1101684
Mejlisiň başlygy Ýyldyrym, Hytaýdan soň Gyrgyz Respublikasynyň paýtagty Bişkege bardy

Hytaý Halk Respublikasyna guran saparyny tamamlan Türkiýäniň Beýik Millet Mejlisiniň başlygy Binali Ýyldyrym, Hytaýdan soň Gyrgyz Respublikasynyň paýtagty Bişkege bardy.

Binaly Ýyldyrym Bişkekde Halkara Manas howa menzilinde dabaraly ýagdaýda garşylandy.

Mejlisiň başlygy Ýyldyrymy Gyrgyzystanyň Parlamentiniň başlygynyň orunbasary  Mirlan Bakirow, Gyrgyzystanyň Parlamentiniň Türkiýe Dostluk toparynyň başlygy Almazbek Baatyrbekow, Daşary işler ministriniň orunbasary Nurlan Abdrahmanow bilen Türkiýäniň Bişkekdäki Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Jengiz Kamil Fyrat garşylady.

Binali Ýyldyrym bilen aýaly Semiha Ýyldyryma milli egin eşiklerini geýen gyrgyz ýaşlary duz-çörek hödür etdi.

Türkiýäniň Beýik Millet Mejlisiniň başlygy Binali Ýyldyrym saparynyň çäginde Gyrgyz Mejlisiniň başlygy Dastanbek Jumabekow we Premýer ministr Muhammedkalyý Abylgaziýew bilen duşuşar.

 



Degişli Habarlar