Yragyň demirgazygynda howa operasiýasy geçirildi

Howa operasiýasynda 14 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi

1091217
Yragyň demirgazygynda howa operasiýasy geçirildi

Yragyň demirgazygynda geçirilen howa operasiýalarynda serhet birikmelerine hüjüm guramak üçin taýýarlyk gören 14 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi.

Baş ştab tarapyndan berilen beýanata görä, Kandil, Awaşin-Basýan we Haftanin sebitlerine howa hüjümleri guraldy.

Howa operasiýalarynyň netijesinde serhet birikmelerine hüjüm guramak üçin taýýarlyk gören 14 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi, terror guramasyna degişli ýarag liniýalary we ok-däri ammarlary ýok edildi.



Degişli Habarlar