Wise-prezident Oktaý Sudana gider

Fuat Oktaý geçirjek duşuşyklarynda sebitleýin we halkara meseleleri maslahatlaşar

1090180
Wise-prezident Oktaý Sudana gider

Türkiýäniň Wise-prezidenti Fuat Oktaý, Sudanyň Prezidentiniň Birinji orunbasary Bakri Hassan Salehiň çakylygyna laýyklykda 19-21-nji noýabr aralygynda Sudana resmi sapar gurar. 

Alynan maglumata görä, saparyň çäginde geçiriljek duşuşyklarda iki ýurdyň arasynda ajaýyp derejede bolan ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň we hyzmatdaşlygyň ähli ugurlary bilen sebitleýin we halkara meseleler ara alynyp maslahatlaşylar. 

Fuat Oktaýa saparynyň çäginde Türkiýäniň Söwda ministri Ruhsar Pekjan  bilen Oba-hojalyk we Tokaýçylyk ministri Bakir Pakdemirli başda bolmak bilen degişli ministrlikleriň orunbasarlary we köp sanda guramanyň ýokary derejeli ýolbaşçylary ýoldaşlyk eder. 

 


Etiketkalar: #Fuat Oktaý , #Sudan

Degişli Habarlar