Wise-prezident Italiýada saparda bolar

Wise-prezident Fuat Oktaý Liwiýa konferensiýasyna gatnaşmak üçin ertir Italiýa gider

1085627
Wise-prezident Italiýada saparda bolar

Alynan maglumata görä, Fuat Oktaý, Italiýanyň ýolbaşçylyk etmeginde geçiriljek Liwiýa konferensiýasyna gatnaşmak üçin 12-13-nji noýabr aralygynda ýurdyň Palermo şäherine sapar gurar.

Ertir Italiýanyň Premýer ministri Džuzeppe Konte tarapyndan wekiliýetleriň başlyklarynyň hormadyna beriljek agşam naharyna gatnaşjak Oktaý, sişenbe güni bolsa konferensiýada çykyş eder.

Wise-prezident Fuat Oktaýyň, konferensiýa gatnaşjak ýurtlaryň wekiliýetleriniň başlyklary we myhmanlar bilen ikiçäk duşuşyklar geçirimegine garaşylýar.

Beýanatda liwiýaly we daşary ýurtly resmiler bilen birlikde Liwiýanyň tapawutly gatlaklaryndan wekilleriň gatnaşjak konferensiýanyň, ýurtda BMG-nyň ýolbaşçylyk etmeginde alynyp barylýan syýasy etaba goşant goşjakdygyna ynanylýar.


Etiketkalar: #Fuat Oktaý , #Italiýa

Degişli Habarlar