"ABŞ-dan ÝPG-ä garşy hem şeýle çemeleşmegine garaşýarys"

Sudanda saparda bolýan Akar, Sewakin adasynda metbugata beýanat berdi

1083390
"ABŞ-dan ÝPG-ä garşy hem şeýle çemeleşmegine garaşýarys"

Milli Goranmak ministri Hulusi Akar ekstremist terror guramasy PKK-a garşy tutum alyp barýan ABŞ-dan şol terror guramasyndan hiç hili tapawudy bolmadyk ÝPG-ä garşy hem şeýle çemeleşmegine garaşýandyklaryny aýtdy.

Sudanda saparda bolýan Akar, Sewakin adasynda metbugata beýanat berdi we “ABŞ-nyň terror guramasy PKK-nyň ýolbaşçylary hakynda maglumat bereni sylaglandyrmak” karary babatynda durup geçdi.

Akar “Hyzmatdaşymyzyň bu tutumyna oňyn garaýarys emma gijä galynandygyna ünsi çekmek isleýärin” diýdi.

“ÝPG, PKK-dan hiç hili tapawudy bolmadyk terror guramasydyr. Bir tarapdan PKK-nyň ýolbaşçylary hakynda maglumat beren sylaglandyrylýarka, beýleki tarapdan Amerikaly hyzmatdaşlarymyzyň ÝPG-ä konteýnerler, uçarlar bilen ýarag we harby enjam ugratmagyny kabul edip bilmeris. Hyzmatdaşymyz ABŞ-nyň terror guramasyna kömek bermekden ýüz öwürmegine garaşýarys” diýdi

 



Degişli Habarlar