Prezident Erdogan Ukrainanyň döwlet baştutany Poroşenko bilen duşuşdy

Prezident Rejep Taýýip Erdogan Türkiýäniň Krym tatarlarynyň hukuklaryny we bähbitlerini goramaga dowam etjekdiklerini mälim etdi

1081047
Prezident Erdogan Ukrainanyň döwlet baştutany Poroşenko bilen duşuşdy

Türkiýe-Ukraina Ýokary derejeli strategik geňeş maslahatynyň 7-njisi Stambulda geçirildi.

Maslahatdan ozal Prezident Erdogan bilen Ukrainanyň Döwlet baştutany Petro Poroşenko Stambuldaky Mabeýn köşgünde ikiçäk duşuşyk geçirdiler.

Metbugata ýapyk häsýetde geçen duşuşykda ikitaraplaýyn we sebitleýin gatnaşyklar ara alynyp maslahatlaşyldy.

Ondan soň bolsa maslahat geçirildi. Maslahata iki ýurdyň degişli ministrleri hem gatnaşdy.

Maslahatdan soň iki ýurdyň arasynda ykdysady we goranmak hyzmatdaşlygy bilen bagly şertnamalara we protokollara gol çekildi.

Iki lider ondan soň bolsa metbugat ýygnagyny geçirdiler.

Prezident Erdogan erkin söwda ylalaşygyny şu ýylyň ahyryna çenli tamamlamagy göz öňünde tutýandyklaryny habar berdi.

Aktual meseleleriň arasynda şeýle hem Krym hem bardy.

Prezident Erdogan Ukrainanyň territorial bütewiliginiň goralmagynyň gerekdigini we Krymyň bikanun anneksiýasyny ykrar etmejekdiklerini mälim etdi.

Ukrainanyň Döwlet baştutany Petro Poroşenko hem Ukrainanyň territorial bütewiligi bilen Krym babatynda berýän goldawy sebäpli Türkiýä minnetdarlyk bildirdi.



Degişli Habarlar