Türkiýe Indoneziýada bolan uçar heläkçiligi sebäpli gynanç bildirdi

“Uçar heläkçiliginde ýogalanlara Alladan rehnet, hosarlaryna we doganlyk ýurt İndoneziýanyň halkyna gynanç bildirýäris”

1077676
Türkiýe Indoneziýada bolan uçar heläkçiligi sebäpli gynanç bildirdi

Daşary işler ministrliginden berlen beýanatda, Indoneziýanyň paýtagty Jakartadan Sumatra adasyndaky Pangkal Pinang şäherine gitmek üçin uçan Boeing 737 kysymly uçaryň heläkçilige uçramagyna gynanç bildirildi.

Beýanatda “Uçar heläkçiliginde ýogalanlara Alladan rehnet, hosarlaryna we doganlyk ýurt İndoneziýanyň halkyna gynanç bildirýäris” diýildi.

Lion howa ýollaryna degişli Boeing 737 MAX 8 kysymly ŽT 610 uçary 181 ýolagçysy we 8 ekipažy bilen şu gün irden Jakartadan uçandan gysga wagtda soň deňize gaçypdy.

 

 



Degişli Habarlar