Türkiýe Yragyň täze hökümeti bilen hyzmatdaşlyk etmäge taýýar

Türkiýe Yragyň täze hökümeti bilen hyzmatdaşlyk etmäge taýýardygyny mälim etdi

1076091
Türkiýe Yragyň täze hökümeti bilen hyzmatdaşlyk etmäge taýýar

Daşary işler ministrliginiň metbugat geňeşçisi Hami Aksoý, Türkiýäniň, Yragyň asudalyk, howpsyzlyk we durnuklylyk bilen ýurdyň täzeden dikeldilmegi meseleleri boýunça ynam sesini alan täze hökümeti bilen hyzmatdaşlyk etmäge taýýardygyny habar berdi.

Hami Aksoý, Yrakda täze hökümetiň ynam sesini almagy bilen bagly ministrlige berilen soraga ýazmaça jogap berdi.

Aksoý, Yrakda 12-nji maýda geçirilen parlament saýlawlarynyň netijesinde täze hökümeti gurmak wezipesi berilen Adil Abdulmehdi tarapyndan emele getirilen Ministrler kabinetiniň mejlisiniň 14 ministriniň ynam sesini almagy bilen wezipä başlan Yragyň täze hökümetiniň dost we dogan Yrak halky üçin düşümli bolmagyny diländiklerini habar berdi.

Hami Aksoý: “Täze hökümetiň eýýäm ençeme ýyl bäri gam-gussaly we kynçylykly günleri başdan geçiren Yragyň halkynyň ynamyny ödejek ädimler etjekdigine ynanýarys. Şol çäkde Yragyň halkynyň ähli gatlaklaryna gujak açýan köptaraplaýyn işleriň Yragyň syýasy jebisligi bilen territorial bütewiliginiň goralmagyny we dowamly galkynyşyň üpjün edilmegine goşant goşjakdygyna ynanýarys” diýdi.



Degişli Habarlar