Erdogan BMG-niň esaslandyrylmagynyň 73-nji ýyllygy mynasybetli ýüzlenme çap etdi

Prezident Erdogan: “73 ýyl ozal esaslandyrylan BMG-niň, esasan hem guramanyň global parahatçylygy we howpsyzlygy üpjün etmäge borçly bolan Howpsyzlyk Geňeşiniň reforma zerurlygynyň, mundan beýläk yza süýşürilip bilnmejeik ýagdaýda geldi” diýdi

1075192
Erdogan BMG-niň esaslandyrylmagynyň 73-nji ýyllygy mynasybetli ýüzlenme çap etdi

Prezidentiň Metbugat merkezinden berilen beýanata görä, Erdogan BMG-niň esaslandyrylmagynyň 73-nji ýyllygy mynasybetli ýüzlenme çap etdi.

Türkiýäniň esaslandyran ýurtlaryň agzasy bolan BMG-niň döredilen ýylynyň ýurt, sebit we bütin adamzat üçin gutly bolmagyny dilän Erdogan, şu günki gün adamzadyň klimat çalşygyndan etniki saplaýyşa, açlykdan daşary ýurt duşmançylygyna, epdemiýadan terrora çenli uzap gidýän giň geografiýada örän agyr synaglardan geçýändigini belledi.

Erdogan, global derejedäki bu meseleleriň Afrikadaky we Aziýadaky ykdysady mümkinçilikleri pes bolan döwletler başda bolmak bilen, ösüp barýan ýurtlara has köp täsir ýetirýändigine şaýat bolandyklaryny nygtap, adamzadyň umumy geljegine howp salýan, global adalat gözlegini bozýan bu synaglardan hiç bir ýurdyň ýeke özüniň baş alyp çykyp bilmejekdigini habar berdi.  

Umumy meseleleri diňe bilelikdäki tagallalar bilen çözüp boljakdygyny aýdan Erdogan: “Bu ugurda soňky ýyllarda başdan geçirilýän kemçiliklere garamazdan, BMG adamzadyň umumy meselelerini baky çözgüde gowuşdyryp biljek möhüm bir platformadyr. Mundan 73 ýyl ozal döredilen BMG-niň esasan hem guramanyň global parahatçylygy we howpsyzlygy üpjün etmäge borçly bolan Howpsyzlyk Geňeşiniň reforma zerurlygynyň, mundan beýläk yza süýşürilip bilnmejek ýagdaýda geldi. Ozal Ruanda, Bosniýa-Gersegowina, Kosowa ýaly ýurtlarda başdan geçirilenler bilen goňşymyz Siriýada 8 ýyl bäri dowam edýän gyrgynçylyklar, Howpsyzlyk geňeşiniň jogapkärçiliklerini ýerine ýetirmeýändiginiň aýdyň subutnamasydyr” diýdi.

Erdogan: “Dünýä 5-den uludyr diýip başladan göreşimziň arkasynda Howpsyzlyk geňeşiniň hemmetaraplaýyn, adalatly we açyk bir gurluşa gowuşdyrylmagy ýaly arzuwymyz bardyr” diýdi.


Etiketkalar: #BMG , #Erdogan

Degişli Habarlar