Mugla welaýatyndaky gaýyk pajygasynda ýogalan adamlaryň sany 3-e ýetdi

Mugla welaýatynyň Bodrum etrabynyň Gümbet diýilen ýeriň suw giňişliginde gaýygyň batmagyndan soň Izmire gönükdirilen palestinaly Ihab Ebujezar ýogaldy

1073981
Mugla welaýatyndaky gaýyk pajygasynda ýogalan adamlaryň sany 3-e ýetdi

Kenarýaka howpsyzlyk gullugynyň işgärleriniň emeli dem alyş enjamyny ulananlaryndan soň, ilki Bodrum döwlet hassahanasyna, ondan soň bolsa Saglygy goraýyş ylymlary uniwersitetiniň Izmir Tepejik Bilim we ylmy-derňew hassahanasyna gönükdirilen palestinaly Ihab Ebujezardan erbet habar geldi.

Hassahananyň Çagalar bölüminde emeli dem alyş enjamyna bagly ýagdaýda bejergi alan palestinaly Ihab Ebujezar, şu gün irden ýogaldy.

Şeýlelik bilen wakada ýogalan adamlaryň sany ählisi çaga bolan jemi 3-e ýetdi.

Düýn Gümbetiň suw giňişliginde 34 bosguny daşaýan gaýygyň kenara takmynan 50 metr alysda batmagyndan soň, Kenarýaka howpsyzlyk gullugynyň işgärleri gözleh we halas ediş işlerini başladypdy. Lukmanlaryň we Polisiýanyň ýol gözegçilik gullugynyň işgärleriniň eden ähli tagallasyna garamazdan 2 çaga ýogalypdy.


Etiketkalar: #Mugla , #bosgun

Degişli Habarlar