Prezident Erdogan Moldowa bardy

Prezident R.T.Erdogan Moldowa Fetullahçy terror guramasy meselesinde hüşgär bolmaga çagyrdy

1070606
Prezident Erdogan Moldowa bardy
dodon-erdogan2.jpg
dodon-erdogan1.jpg

Erdogan Moldowanyň Prezidenti İgor Dodonyň çakylygyna laýyklykda resmi sapar bilen Kişinewe bardy.

Kişinewiň howa menzilinde Dodon we aýaly tarapyndan Erdogan we aýaly Emine Erdogan üçin Prezidentiň köşkünde resmi garşylama dabarasy guraldy.

Soň özara we toparara duşuşyklar geçirildi.

Duşuşyklarda özara gatnaşyklar, sebitleýin meseleler we FETÖ-niň başda durmagynda terrorçylyga garşy göreş barada pikir alyşyldy.

Soň bolsa Türkiýe bilen Moldowanyň arasynda iki ýurduň ýokary bähbitlerine laýyklykda ikirjiňsiz goldaw bermek baradaky Strategik hyzmatdaşlyk jarnamasyna gol çekişildi.

Erdogan we Dodon duşuşyklardan soň bilelikde metbugat ýygnagyny geçirdiler.

Prezident Erdogan çykypşynda FETÖ garşy alynyp barylýan göreş barada durup geçip, türk halkynyň moldowaly dostlaryndan degişli goldawy gypynçsyz bermegine garaşýandygyny aýtdy.

Erdogan FETÖ-niň esasanda Türk ýaragly güýçlerine, içeri işler edarasna, kazyýete, döwletiň ähli edaralaryna siňen terror guramasydygyny nygtap; “Bu terror guramasy şol işleri häzirki wagtda Moldowadada etmek, döwletiň edaralaryna siňmek üçin işe girişip biler” diýdi.

Moldowanyň Prezidenti Dodon bolsa Türkiýäniň hem ýurdunyň abadançylygynyň üpjün edilmegine hem-de Gagawuz Awtonomiýasy baradaky mesläniň çözülmegine uly goşant goşandygyny gürrüň berip; “Türkiýe milli bähbitlerimiziň goralmagy we hoşniýetli gatnaşyklaryň açylmagy boýunça nusgawy ýurt” diýdi.

 



Degişli Habarlar