Erdogan ABŞ-e sözünde durmagy barada çagyryş berdi

Prezident Rejep Taýýip Erdogan, ABŞ-niň Siriýanyň demirgazygynda gerek bolan ädimleri etmedigi halatynda, Türkiýäniň ekstremist terror guramasy PKK/ÝPG-e garşy gerek bolan hereketi etjekdigini beýan etdi

1069713
Erdogan ABŞ-e sözünde durmagy barada çagyryş berdi

Erdogan Adalat we ösüş partiýasynyň TBMM-däki maslahatynda çykyş etdi.

Erdogan, ABŞ-ni Siriýanyň Manbij sebitine ýerleşdiren ekstremist terror guramasy PKK-nyň şahasy PÝD-ÝPG-e agza terrorçylary ol ýerden çykarmak babatynda beren sözünde durmaga çagyrdy.

Türkiýe-ABŞ arasynda 4-nji iýunda baglaşylan ylalaşygy ýatladan Erdogan: “Manbij meýilnamasy 90 günlükdi. Gynansagam ol meýilnama işlemedi. Işlemeýän bolsa biz hem ol ýerde öz göbegimizi özümiz keseris. Bu ÝPG/PÝD-e garşy has takygy PKK-a garşy gerek bolan ädimleri iň ýokary derejede ýerine ýetireris. Ähli bu zatlar diňe ýurdumyzyň asudalygy üçin däl. Ediljekler şeýle hem ol ýurtda ýaşaýan adamlaryň hem asudalygy üçindir” diýip belledi.


Etiketkalar: #Erdogan , #Manbij , #ABŞ

Degişli Habarlar