Jemal Kaşykçy wakasynyň barlanmagy üçin bilelikdäki iş topary dörediler

Ibrahim Kalyn žurnalisti Jemal Kaşykçy hakynda beýanat berdi

1067057
Jemal Kaşykçy wakasynyň barlanmagy üçin bilelikdäki iş topary dörediler

Prezidentiň metbugat sekretary Ibrahim Kalyn Saud Arabystanynyň teklibine laýyklykda žurnalist Jemal Kaşykçy wakasynyň barlanmagy üçin bilelikdäki iş toparynyň döredilmegi barada kararyň kabul edilendigini aýtdy.

Ibrahim Kalyn 2-nji oktýabrda Saud Arabystanynyň Stambuldaky Baş konsullygyna girenden soň hiç hili habar alynmadyk ABŞ-da çap edilýän “Waşington Post” gazetiniň žurnalisti Jemal Kaşykçy hakynda beýanat berdi.

Kalyn beýanatynda “Türkiýe bilen Saud Arabystanynyň arasyndaki hyzmatdaşlyga we Saud Arabystanynyň teklibine laýyklykda Saudi žurnalist Jemal Kaşykçy wakasynyň ähli taraplaýyn barlanmagy maksady bilen birlikdäki iş toparynyň döredilmegi barada karar kabul edildi” diýdi.

Saudy hökümeti ozal hem Stambuldaky Baş konsullygynda barlag işleriniň geçirilmegine rugsat beripdi.

Saudy reformaçylar üçin esasy platforma bolan Al Watan gazetine uly goşant goşan we Ýakyn Gündogaryň tanymal žurnalistlerinden biri bolan ABŞ-da çap edilýän “Waşington Post” gazetiniň žurnalisti Jemal Kaşykçy 2-nji oktýabra durmuş gurjak gyzy bilen birlikde Saud Arabystanynyň Stambuldaky Başkonsullygyna gidipdi. Emma şondan soň ondan hiç hili habar alynmady.

Saud Arabystanynyň Stambuldaky Başkonsullygy tarapyndan Twitter arkaly 4-nji oktýabrda berlen beýanatda raýatlary Kaşykçynyň başkonsullykdan çykandan soň dereksiz ýitendigi öňe sürlüpdi.

Kaşykçynyň ýitmegi wakasy hakynda kazyýet işi gozgalypdy.



Degişli Habarlar