Prezident Erdogan Wengriýanyň Prezidenti bilen duşuşdy

Prezident Rejep Taýýip Erdogan, resmi sapar bilen baran Wengriýada ýurdyň Prezidenti Ýanoş Ader tarapyndan resmi dabara bilen garşylandy

1064770
Prezident Erdogan Wengriýanyň Prezidenti bilen duşuşdy
erdogan macaristan'da.jpg
erdogan macaristan'da.jpg
erdogan macaristan'da.jpg

Prezidentiň atly polky tarapyndan ýoldaşlyk edilen Prezident Erdoganyň we aýaly Emine Erdoganyň ulag kerwenini, Wengriýanyň Prezidenti Ýanoş Ader we aýaly Anita Herczegh tarapyndan garşylandy. 

Prezidentleriň dabara meýdançasyndaky ýerlerine geçmeginden soň iki ýurdyň milli senalary ýaňlandy.

Ikiçäk duşuşykdan soň Erdogan we Ader, toparara gepleşikler geçirer. 

Prezident R.T.Erdogan bilen aýaly Emine Erdogan, Prezidentiň Metbugat Sekretary İbrahim Kalyn, Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly, Söwda ministri Ruhsar Pekjan, Ulaglar we infrastruktura ministri Mehmet Jahit Turhan, Prezidentiň ýanyndaky Aragatnaşyk edarasynyň Başlygy Fahrettin Altun bilen Adalat we ösüş partiýasynyň başlygynyň orunbasary Jewdet Ýylmaz hem Wengriýa gitdi.

Prezidentiň Metbugat merkezinden berilen beýanata görä, Prezident Erdogan, Wengriýanyň Prezidenti Ýanoş Ader bilen geçirjek duşuşygy birlikde Mejlisiň başlygy Laszlo Köwer we Premýer ministr Wiktor Orban bilen hem duşuşyklar geçirer.

Duşuşyklarda syýasy, harby, howpsyzlyk, goranmak senagaty, ykdysadyýet, söwda, medeni we sosial ugurlar bilen ikitaraplaýyn gatnaşyklar ele alynar.

Mundan başgada Türkiýe-ÝB gatnaşyklary, bosgun akymy we terrora garşy göreş bilen birlikde iki ýurdyň gün tertibindäki sebitleýin we halkara meseleler ara alynyp maslahatlaşylar.

Saparyň çäginde Prezident Erdoganyň, ýurdyň Premýer ministri Wiktor Orban bilen Budapeştdäki Gül Baba aramgähiniň resmi açylyşyn gatnaşmagyna garaşylýar.

Erdoganyň mundan başgada Türkiýe-Wengriýa Işewürler forumyna gatnaşmagy göz öňünde tutulýar.

 


Etiketkalar: #Erdogan , #Wengriýa

Degişli Habarlar