Soňky bir hepdäniň dowamynda 37 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi

Operasiýalarda köp sanly  ýarag we ok-däri ele salyndy

1058770
Soňky bir hepdäniň dowamynda 37 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi

Türk ýaragly güýçleriniň soňky bir hepdäniň dowamynda geçiren operasiýalarynda terror guramasy PKK-nyň 37 terrorçysynyň täsirsiz ýagdaýa getirilendigi habar berildi

Baş ştabdan berilen hepdelik maglumata görä sentýabr aýynyň 21-27-si aralygynda terror guramasy PKK/KJK-niň yzgiderli gaçybatalga we ýurduň içinde geçiş ugry hökmünde peýdalanýan Şyrnak, Siirt, Diýarbakyr, Mardin we Agry welaýatlary bilen Yragyň demirgazygyndaky ýerlerine uly we orta göwrümli operasiýalar guraldy.

Operasiýalaryň dowamynda ýurduň içinde 20, ýurduň daşynda 17, jemi 37 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi.

Operasiýalarda köp sanly  ýarag we ok-däri ele salyndy.

Siriýanyň demirgazygyndaky operasiýalarda “Ýefrat galkany” operasiýasynyň çäginde Azaz we Jarablus aralygyndaky 243 kilometr ilatly ýerde we 2,015 kilometr giňişlik gözegçilik astyna alyndy.

Şol çäkde Türk ýaragly güýçleri 2017-nji ýylyň 13-nji oktýabryndan bari meýilleşdirilen 12 sany gözegçilik nokadyny açdy.

“Zeýtun şahajygy” operasiýasynyň başlamagyndan bäri täsirsiz ýagdaýa getirilen terrorçylaryň sany 4,584-e ýetdi.

 



Degişli Habarlar