ÝPG/PKK-ly ýene-de 2 terrorçy Siriýada tussag edilip Türkiýä getirildi

Milli howpsyzlyk gullugy tarapyndan tussag edilen terrorçylar Hataýa getirildi

1057374
ÝPG/PKK-ly ýene-de 2 terrorçy Siriýada tussag edilip Türkiýä getirildi

Zeýtun şahajygy operasiýasynda 2 esgeriň şehit bolmagyna sebäp bolan hüjümi guran ekstremist terror guramasy ÝPG/PKK-ly ýene-de 2 terrorçy Siriýada tussag edilip Türkiýä getirildi.

Milli howpsyzlyk gullugy tarapyndan tussag edilen terrorçylar Hataýa getirildi.

Zeýtun şahajygy operasiýasynda esgerler Oguz Kaan Usta bilen Mehmet Murady şehit eden we Ustanyň jesedini zamun alan 9 terrorçynyň tussag edilmeginden soň howpsyzlyk güýçleri waka hakyndaky derňew işini çuňlaşdyrdy.

Terrorçylaryň beren düşündirişlerinden soň 9 terrorçy bilen birlikde waka goşulşan ýene-de iki şübheli Afriniň Rajo etrapçasynda tussag edilip Türkiýä getirildi.

2 terrorçy ýaragly terror guramasyna agza bolmakda, bilkastlaýyn adam öldürmekde we döwletiň jebisligini we bitewiligini bozmakda günäkärlenýär.

9 terrorçy 14-nji sentýabrda anna güni Siriýanyň Afrin şäherinde terrora garşy geçirlen operasiýanyň çäginde tussag edilip Türkiýä getirlipdi.

 

 


Etiketkalar: #Siriýa , #terrorçy , #esger

Degişli Habarlar