Türkiýäniň tagallasy bilen Idlibde adamzat pajygasynyň öňi alyndy

Prezident Rejep Taýýip Erdogan we soňky 10 günüiň dowamynda 2-nji gezek duşuşyk geçiren rus kärdeşi Wladimir Putin, Siriýanyň Idlib sebitinde ýaraglardan saplanan zolagyň döredilmegi babatynda ylalaşdy

1051356
Türkiýäniň tagallasy bilen Idlibde adamzat pajygasynyň öňi alyndy

Iki lider Soçide ikiçäk we toparara duşuşykdan soň umumy metbugat ýygnagyny geçirdiler. 

Metbugat ýygnagynda ilkinji bolup beýanat beren Putin myhman Prezident Erdogan bilen söwda başda bolmak bilen ikitaraplaýyn gatnaşyklary ele alandyklaryny habar berdi. 

Söwdada milli pul birlikleriniň ulanylmagynyň üstünde durup geçen Putin energetika taslamalarynyň dowam etjekdigini beýan etdi. 

Medeniýet we syýahatçylyk ugurlaryny hem maslahatlaşandyklaryny aýdan rus lider, gün tertibiniň ileri tutulýan ugrunyň bolsa Idlib bolandygyny we bu babatda ylalaşyklar gazanandyklaryny mälim etdi. 

Siriýadaky rus bazalaryna hüjüm guralmagyna alada bildirýändiklerini aýdan Putin: "Oppozisoner toparlaryň, ýanlaryndaky agyr ýaraglary bilen Idlibde 15-20 km ýaragsyz zolak döredilmegini kararlaşdyrdyk" diýdi. 

Erdogan bolsa öz gezeginde Russiýa sapar guramakdan hoşaldygyny aýdyp, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ähli ugurlarda, umumy syýasy ygtyýaryň esasynda özgerýändigini belledi. 

Putin bilen Siriýa babatynda pikir alyşandyklaryny aýdan Prezident Erdogan: "Idlibde 15-nji oktýabrdan başlap, ýaraglardan saplanan, howpsyz zolak döredilip, oppozisionerleriňem, Asada tabynlykdaky güýçleriňem häzirki ýerlerinde galmaklary babatynda ylalaşdyk" diýdi. 

Ýaragsyzlandyrylan zolagyň howpsyzlygynyň türk we rus howpsyzlyk güýçleriniň koordinasiýasy astynda üpjün ediljekdigini aýdan Erdogan, şeýlelik bilen Idlibde uly adamzat dramasynyň öňüniň alynandygyny habar berdi. 

Erdogan: "Terror toparlar diňe Idlibde ýerleşmeýär. Iň uly howp Ýewfrat derýasynyň gündogarynda hereket edýän PÝD-dir" diýdi. 

Erdogan we Putin 7-nji sentýabrda Eýranyň paýtagty Tähranda geçirilen Siriýa temaly maslahatda duşuşyk geçiripdiler. 


Etiketkalar: #Erdogan , #Putin , #Tähran

Degişli Habarlar