Erdogan-Putin duşuşygy tamamlandy

Prezident Erdogan, Rus lider Wladimir Putin bilen Siriýanyň Idlib sebitindäki wakalary ara alyp maslahatlaşdy

1051274
Erdogan-Putin duşuşygy tamamlandy

Russiýanyň Soçi şäherinde metbugata ýapyk häsýetde geçen duşuşyk 1 sagat 50 minut dowam etdi. 

Ikiçäk duşuşykdan soň toparara gepleşikler geçirildi. 

Iki lideriň duşuşygynda Siriýa başda bolmak bilen käbir sebitleýin we halkara meseleler barada pikir alyşyldy. 

Iki lideriň metbugat ýygnagyny geçirmegine garaşylýar. 

 


Etiketkalar: #Russiýa , #Türkiýe , #Soçi , #Idlib

Degişli Habarlar