Erdogan İdlibde häzirki şertlerde agyr netijeleriň ýüze çykjakdygyny beýan etdi

Prezident R.T.Erdogan Azerbaýjana guran resmi saparyndan gaýdyşyn uçarda gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary barda beýanat berdi

1050586
Erdogan İdlibde häzirki şertlerde agyr netijeleriň ýüze çykjakdygyny beýan etdi

Şu gün Soçide Russiýanyň döwlet Ýolbaşçysy Wladimir Putin bilen geçirjek duşuşygynda ileri tutulýan ugruň İdlib meselesidigini nygtan Erdogan; “İçerde oppozisionerleriň arasyndaky terrorçy toparlara garşy bilelikde göreşeliň. Emma bahana tapyp, ol ýeri bombalamaga girişmäliň” diýdi.

Türkiýäniň başlangyçlarynyň netijesinde İdlibde şertleriň soňky günlerde asudadygyny nygtan Prezident Erdogan; “İşiň syýasy we gumanitar ýüküni Türkiýe çekýär. 3,5 million bosgun biziň ýurdumyzda. İdlibden täze bir göç hereketi bolan halatynda, olaryň geljek, sygynjak ýeri ýene-de Türkiýe boljaga meňzeýär. Biz käbir taýarlyklary gördük. Siriýa tarapynda käbir taýarlyklarymyz bar. Biz günbatar ýaly çemeleşmeris. Biziň çemeleşmämiz hemaýatkär bolar. Emma ýük ýeňil däl, ýük agyr. Şol agyr ýüki götermek aňsat däl. Sabyrlylyk bilen meseläni çözmäge synanşarys” diýdi.

Erdogan žurnalistleriň “Gumanitar koridor üçin Russiýa bilen bilelikde operasiýa geçirilermi” diýlen soragyna: “Häzirki wagtda hökümetiň rehimsizligini, biperwaýlygyny hemmeler görýär. Siriýa terror döwleti. Ol ýerdäki terrorçylykly çemeleşmelere garşy nähili çäre görülmeli? Hyzmatdaş güýçler näme ederler? Hormatly Putiniň meselä bolan çemeleşmesi nähili bolar? İdlibde, içerde oppozisionerleriň arasyndaky terror toparlaryna garşy bilelikde göreşeliň, bilelikde çäre göreliň. Emma bahana tapyp İdlibi bombalamalyň” diýip, jogap berdi.



Degişli Habarlar