Türkiýäniň Prezidentiniň Gyrgyzystana guran sapary dowam edýär

Gyrgyzystanda saparda bolýan Prezident Rejep Taýýip Erdogan Ata Beýit ýadygärligine baryp gördi

1041602
Türkiýäniň Prezidentiniň Gyrgyzystana guran sapary dowam edýär

Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýýip Erdogan Bişkekdäki Manas uniwersiteti tarapyndan «Hormatly doktory» diýen ýokary derejeli ylmy adyň özüne berilmegi bilen bagly geçirilen dabara gatnaşanyndan soň, Gyrgyzystanyň Prezidenti Sooronbaý Jeenbekow bilen Ata Beýit ýadygärligini zyýarat etdi.

1916-njy ýylda başdan geçirilen wakalaryň ýadygärligine bagyşlanyp gurulan Ürkün ýadygärligine wenok goýan Erdogan, meşhur gyrgyz ýazyjysy Çingiz Aýtmatowyň aramgähinede gül desselerini goýdy.

Gül goýulşyk dabarasyndan soň Gurhandan aýat-töwürler okaldy.

Erdogan düýn bolsa Gyrgyzystanyň Prezidenti Sooronbaý Jeenbekow bilen Ymam Sarahsy metjidiniň açylyşyna gatnaşdy.

Erdogan ol ýerde eden çykyşynda açylan metjit mynasybetli bütin Yslam dünýäsini we Gyrgyzystandaky musulmanlary gutlady.



Degişli Habarlar