FETÖ-jy gaçgak Kemal Öksüz Ermenistanda saklandy

Öksüz ABŞ-nyň Wekiller mejlisine galp resminama hödürlenmekde günäkärlenýär

1040400
FETÖ-jy gaçgak Kemal Öksüz Ermenistanda saklandy

 

Fetullahçy terror guramasy FETÖ-niň ýokary derejeli ýolbaşçylaryndan gaçgak Kemal Öksüz Ermenistanda saklandy.

Kemal Öksüziň ABŞ-da “galplyk” etmekde aýyplanýandygy ýüze çykdy.

ABŞ-nyň ýüz tutmasy sebäpli INTERPOL tarapyndan gözlenýän Kemal Öksüz Ermenistanyň paýtagty Ýerewanda saklandy.

Öksüziň “Amerikalylar we Ýewraziýalylar Turkuaz geňeşi” atly guramanyň ýolbaşçylygyny ýerine ýetirýän döwründe Amerikan kongresiniň käbir agzalaryny we ýolbaşçylaryny Türkiýede myhman alandygy nygtalýar.

Öksüz şol syýahat bilen arabaglanşykly Wekiller mejlisine galp resminama hödürlenmekde günäkärlenýär.

Etap bilen ýakyndan gyzyklanýan Ankara hem, Kemal Öksüziň ABŞ-daky kazyýet etabynyň başlamagy bilen birlikde Türkiýä yzyna berilmegi üçin ýüz tutmaga taýarlanýar.

 



Degişli Habarlar