Türkiýe Kofi Annanyň ýogalmagy sebäpli gynanç ýüzlenmesini çap etdi

Türkiýäniň hökümeti BMG-niň ozalky Baş sekretary Kofi Annanyň ýogalmagy sebäpli gynanç ýüzlenmesini çap etdi

1035116
Türkiýe Kofi Annanyň ýogalmagy sebäpli gynanç ýüzlenmesini çap etdi

Daşary işler ministrligi tarapyndan çap edilen gynanç ýüzlenmesinde: “Kofi Annanyň maşgalasyna we dogan-garyndaşlaryna, mundan başgada dost Gana halkyna gynanç bildirýäris” diýip bellendi.

Ministrlik tarapyndan berilen beýanatda BMG-niň Baş sekretary wezipesini 1997-2006-njy ýyllar aralygynda üstünlikli ýagdaýda alyp baran Kofi Annanyň ýogalmagyna gynanç bildirildi.

Afrikanyň ýetişdiren iň tanymal diplomatlaryň biri bolan we Nobel Parahatçylyk sylagyna laýyk görülen Annanyň dünýä parahatçylygy üçin uly tagallalar edendigi, eden işleriniň Türkiýäni gyzyklandyrýan daşary syýasat meseleleri taýdan hem möhüm oruna eýe bolandygy nygtaldy.



Degişli Habarlar