Prezident Erdogan ABŞ-nyň sanksiýasyna garşy milli pul birliginiň ulanylmagy barada çagyryş berdi

Prezident R. T. Erdogan ABŞ-nyň sanksiýa kararlaryna garşy milli pul birliginiň ulanylmagy barada çagyryşyny berdi.

1031060
Prezident Erdogan ABŞ-nyň sanksiýasyna garşy milli pul birliginiň ulanylmagy barada çagyryş berdi

Trabzonda, Fetullahçy terror guramasy FETÖ we ekstremist terror guramasy PKK bilen arabaglanşykly amerikaly ruhany hakyndaky kazyýet işini kabul etmek islemeýän ABŞ-na ýüzlenen Prezdet Erdogan “Terror guramasy bilen arabaglanşykly bolan ruhany üçin 81 million ilaty bolan Türkiýäni nyşana alýarsyn. Biz hukuk döwleti hökmünde näme etmeli bolsak şony ederis. Abaý-syýasat bilen Türkiýäni boýun egdirip bilmersiňiz”diýdi.

Prezident Erdogan jemgyýetçilik guramalarynyň agzalary we işewürler bilen duşuşyp walýuta kurslary arkaly guralýan hüjüme garşy jebislikde hereket edilmegi çagyryşyny berdi.

Prezident Erdogan terrora garşy göreş barada hem durup geçdi we “Türkiýede we Siriýada terrora asla ýol bermeris” diýdi.

Erdogan daşarky güýçleriň Türkiýäniň günorta serhetlerinde terror koridoryny açmagyna rugsat bermejekdiklerini aýratyn belledi.

 


Etiketkalar: #Erdogan , #Trabzon , #Siriýa , #FETÖ , #PKK

Degişli Habarlar