Ilçileriň 10-njy konferensiýasy başlady

Daşary ýurtlarda Türkiýä wekilçilik edýän ilçiler şu gün Ankarada duşuşýar

1031135
Ilçileriň 10-njy konferensiýasy başlady

Konferensiýanyň öňüsyrasynda Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly, Daşary işler ministrliginiň şehitligine baryp gül desselerini goýdy.

Çawuşogly “Terror belasyny ýeňmek üçin tutanýerli göreşimiz dowam edýär” diýdi.

Mewlüt Çawuşogly bilen ilçiler soň bolsa Atatürkiň aramgähine baryp gül desselerini goýar.

Daşary işler ministri soň bolsa Ilçileriň 10-njy konferensiýasynyň açylyş çykyşyny eder.

Konferensiýanyň çäginde şu ýyl Prezident dolanşygy hökümet ulgamy hakynda ilçilere maglumat berler.

Russiýanyň Daşary işler ministri Sergeý Lawrow, Slowakiýanyň Daşary işler ministri Miroslaw Lažçak bilen Sudanyň Daşary işler ministri Al Dirdiri Mohamed Ahmed hem konferensiýa gatnaşar we çykyş eder.

Prezident R. T. Erdogan Prezidentiň kompleksinde ilçilere günorta naharyny berer.

Ilçiler konferensiýanyň çäginde Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly bilen Konýa şäherine baryp görer.

 



Degişli Habarlar