Erdogan ABŞ-e reaksiýa bildirdi

Prezident Rejep Taýýip Erdogan dollaryň üsti bilen Türkiýäniň ykdysadyýetine garşy söweş yglan edenlere reaksiýa bildirdi

1030837
Erdogan ABŞ-e reaksiýa bildirdi

Prezident we Ak partiýanyň başlygy R.T. Erdogan Adalat we ösüş partiýasynyň Trabzon welaýat müdürliginiň Giňeldilen welaýat maslahatyna gatnaşyp, ol ýerde çykyş etdi.

Erdogan Türkiýäniň ähli ugurda ösmegine çydam edip bilmeýänleriň, Türkiýede 2016-njy ýylyň 15-nji iýulyndaky agdarlyşyk synanyşygy bilen edip bilmediklerini walýuta kursy bilen ýerine ýetirmäge synanyşýandyklaryny habar berdi.

Erdogan päliýaman bu töwerekleriň walýuta kursuny galdyryp,  Türkiýä operasiýa gurap, ýurdyň goranyş mehanizmlerini gowşadyp milleti dyza çökdürmek isleýändigini nygtady.

“Bu oýuny gördük we garşy çykýarys” diýen Erdogan: “Öndürmäge, eksporty artdyrmaga, iş orunlaryny köpeltmäge, rekord derejede ösmäge dowam ederis. Dollar bilen üstümize gelinýän bolsa, biz başga ýollar bilen göreşimizi dowam etdireris” diýdi.



Degişli Habarlar