Aýdyn welaýatynda bosgunlary daşaýan gaýyk batdy

Hadysada ilkinji kesgitlemelere görä 9 adam ýogaldy

1028611
Aýdyn welaýatynda bosgunlary daşaýan gaýyk batdy

Türkiýäniň Aýdyn welaýatynyň Kuşadasy etrabynyň suw giňişliginde bosgunlary daşaýan gaýygyň batmagy netijesinde ilkinji kesgitlemelere görä 9 adam ýogaldy, 4 adam halas edildi.

Sebitde bosgunlary daşaýan gaýygyň batandygy barada maglumat alan Kenarýaka howpsyzlyk gullugynyň işgärleri wakanyň bolan ýerine bardylar.

Şol bir wagtda sebite tiz kömek gulluklary hem gönükdirildi.

Ilkinji kesgitlemelere görä bikanun ýollar bilen daşary ýurda geçmäge synanyşan 13 adamy daşaýan gaýygyň batmagy netijesinde aralarynda çagalar hem bolan jemi 9 adam ýogaldy.

Wakada 4 adam halas edilip bilindi.

Kenarýaka howpsyzlyk gullugynyň işgärleri we deňiz güýçleri sebitde gözleg we halas ediş işlerini geçirýärler.



Degişli Habarlar