Şu gün Goranyş senagatynyň Ýerine ýetirjiler geňeşiniň maslahaty geçiriler

Täze dolanşyk ulgamynyň ilkinji Goranyş senagatynyň Ýerine ýetirjiler geňeşiniň maslahaty şu gün Prezident Rejep Taýýip Erdoganyň ýolbaşçylygynda geçiriler

1027260
Şu gün Goranyş senagatynyň Ýerine ýetirjiler geňeşiniň maslahaty geçiriler

Maslahatda Goranyş senagatynyň taslamalary ara alynyp maslahatlaşylar.

Täze dolanşyk ulgamynyň ilkinji Goranyş senagatynyň Ýerine ýetirjiler geňeşiniň maslahaty Prezidentiň Kompleksinde geçiriler.

Geňeş Türkiýäniň Ýaragly güýçleriniň we Içeri işler ministrliginiň zerurlygyna görä üpjün edilmeli bolan döwrebap ýaraglar, ulag we enjamlaryň önümçiligi, ýurdyň öz içinden ýa-da gerek bolan halatynda daşary ýurtladan üpjün edilmek babatynda kararlar kabul eder.

Prezident Erdogan tarapyndan beýan edilen 100 günlik maksatnamadaky 400 taslamanyň 48-i goranyş pudagy bilen arabaglanşykly.

Şu gün geçiriljek maslahatda hem bu taslamalar gün tertibe getiriler.

Maslahatda şol bir wagtda ABŞ bilen F-35 harby uçarlar bilen bagly başdan geçirilýän dartgynlygyň hem gün tertibe gelmegine garaşylýar.


Etiketkalar: #Erdogan , #maslahat , #ýarag , #ABŞ

Degişli Habarlar