Tunjeli welaýatynda PKK-a agza 6 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi

Türkiýäniň Ýaragly güýçleri tarapyndan Tunjeli welaýatynyň Owajyk etrabynda şu gün geçirilen operasiýada ekstremist terror guramasy PKK-a agza 6 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi

1026358
Tunjeli welaýatynda PKK-a agza 6 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi

Tunjeliniň welaýat Žandarma sekerdeligi Owajyk etrabynyň obalyk ýerinde operasiýa geçirdi.

Ýüze çykan çaknyşykda 1-i mämişi sanawda bolan jemi 6 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi.

Mämişi sanawdaky terrorçynyň 2016-njy ýylyň maý aýynda Owajyk etrabynda Žandarma güýçleriniň 2 esgeriniň ýaralanmagy we 2013-nji ýylyň awgust aýynda 1 adamyň öldürilmegi bilen bagly wakada eliniň bardygy anyklandy.



Degişli Habarlar