Ibrahim Kalyn ABŞ bilen bagly beyanat berdi

Prezidentiniň metbugat sekretary Ibrahim Kalyn Türkiýäniň ünsden düşüriljek bir ýurt bolmandygyny habar berdi

1023669
Ibrahim Kalyn ABŞ bilen bagly beyanat berdi

Ibrahim Kalyn Prezidentiň kompleksinde Prezident Rejep Taýýip Erdoganyň ýolbaşçylygynda geçirilen Ministrler kabinetiniň mejlisiniň maslahaty bilen bagly maglumat paýlaşyp, metbugat işgärleriniň soraglaryna jogap berdi.  

Žurnalistleriň biriniň ABŞ-niň Türkiýä berilmeli bolan F-35 harby uçarlaryna embargo goýan halatynda nähili ädim ediljekdigi bilen bagly soraga Kalyn: “Embargo dilini bir haýbat ýagdaýyna getirip, Türkiýä abanmagyň hiç kime peýdasy bolmaz. Türkiýe esasy ýörelgelerinden ýüz öwürmez” diýip jogap berdi.

F-35-leriň Türkiýä berilmezlik baradaky meseläni kongresde gün tertibe getirenleriň, F-35-leriň halkara bir taslamadygyny bilmekleriniň gerekdigini aýdan Kalyn: “F-35-leriň Türkiýä berilmezligi üçin ädim edilen halatynda Türkiýäniň ähli zatdan ozal ýüz tutjagy hukuk ýoly, arbitraž kazyýet bardyr. Sebäbi gazanylan ylalaşyklar bar. Olar tarapyndan orta atylan delil Türkiýede dowam edýän kazyýet işidir. Şoňa meňzeş bir delil bilen biz hem öz gezegimizde ABŞ-de Türkiýe Respublikasynyň raýatlaryna garşy alynyp barylýan kazyýet işini delil görkezip, şoňa meňzeş pozisiýa eýeläp bileris, emma biz bu işiň şol nokada gelmegini islemeýäris” diýdi.

Emma şolar ýaly edilen halatynda, Türkiýäniň meýilnamalarynyň taýýardygyny, gerek bolan jogaby berjekdiklerini aýdan Ibrahim Kalyn: “Türkiýe aňsat-aňsat ünsden düşüriljek bir ýurt däldir, ony her kim bilmelidir” diýip nygtady.


Etiketkalar: #Ibrahim Kalyn , #F-35 , #ABŞ

Degişli Habarlar