"ABŞ-nyň Türkiýä atýan hemlesi asla kabul edilip bilinmez"

Milli Howpsyzlyk geňeşi ABŞ-nyň Türkiýä atýan hemlesiniň asla kabul edilip bilinmejekdigini mälim etdi

1022726
"ABŞ-nyň Türkiýä atýan hemlesi asla kabul edilip bilinmez"

Prezident dolanşygy hökümet ulgamynyň Milli howpsyzlyk geňeşiniň ilkinji maslahaty Prezident R. T. Erdoganyň ýolbaşçylyk etmeginde geçirildi.

5 sagatdan gowrak dowam eden maslahatyň jemleýji jarnamasynda terrora garşy tutanýerli göreşe üns çekildi.

Jarnamada FETÖ/PDÝ, PKK/PÝD-ÝPG we DAIŞ ýaly terror guramalarynyň başda durmagynda ýurduň milli jebisligine wehim salýan ähli terror guramalaryna garşy ýurduň içinde we daşary ýurtda geçirilýän operasiýalaryň tutanýerlilik bilen dowam etjekdigi nygtaldy.

Jarnamada “ABŞ-nyň Türkiýäniň ähli jogapkärçiliklerini ýerine ýetiren goranyş senagaty taslamalary barada, milletara şertnamalara bap gelmeýän kararynyň we beýanatlarynyň, iki ýurduň arasyndaky strategik hyzmatdaşlyga we özara ynama zeper ýetirjekdigi” ýatladyldy.

Jarnamada ABŞ tarapyndan Türkiýä atylýan hemleleriň  özara gatnaşyklara edilen äsgermezçilikdigi we asla kabul edilip bilinmejekdigi nygtaldy.

Jarnamada Siriýada terror guramalarynyň henizem öz güýjüni dowam etdirýän etrapçalarynyň gyssagly howpsyz ýagdaýa getirilmegi üçin durmuşa geçirilýän işlere hem aýratyn ýer berildi.

Milli Howpsyzlyk geňeşinin jemleýji jarnamasynda şeýle hem Türkiýäniň Egeý deňzinde we Orta ýer deňzinde başdan geçirilýän wakalar bilen ýakyndan gyzyklanýandygy bellenildi.

 

 

 

 



Degişli Habarlar