Bir hepde-de 36 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi

Soňky 1 hepde-de terror guramalaryna garşy geçirlen operasiýada 36 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi

1022156
Bir hepde-de 36 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi

Içeri işler ministrligi tarapyndan berlen beýanatda iýul aýynyň 23-30-y aralygynda terror guramalaryna garşy 1994 operasiýanyň geçirlendigi nygtaldy.

Operasiýalarda täsirsiz ýagdaýa getirlen terrorçylaryň arasynda terror sanawynda çal kategoriýada ýer alýan Osman Gülen lakamly terrorçy hem bar.

Operasiýalarda ekstremist terror guramasy PKK bilen arabaglanşykly 119, Fetullahçy terror guramasy-Parallel döwlet ulgamy FETÖ/PDÝ bilen arabaglanşykly 209, terror guramasy DAIŞ bilen arabaglanşykly 19, aşa çepçi gurama bilen arabaglanşykly 4 adam saklandy.

 



Degişli Habarlar