Şyrnak welaýatynda iki terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi

Türkiýäniň Şyrnak welaýatynda serhet birikmä od açan ekstremist terror guramasy PKK-a agza 2 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi

1021576
Şyrnak welaýatynda iki terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi

Howpsyzlyk çeşmelerinden alynan maglumata görä merkeze degişli Milli Žandarma serhet birikmesine birnäçe adamdan ybarat PKK-ly terrorçy topar tarapyndan od açyldy.

Hüjümden soň gaçan terrorçylary täsirsiz ýagdaýa getirmek üçin Žandarmanyň welaýat serkerdeligi operasiýa başlatdy.

Üçkiraz obasynyň golaýynda uçarmansyz howa ulagy bilen anyklanan PKK-ly 2 terrorçy, sebite iberilen howa ulagy bilen täsirsiz ýagdaýa getirildi.



Degişli Habarlar