Erdogan Siriýada başdan geçirilýän wakalaryň üstünde durup geçdi

Erdogan: "Näme edip boljakdygyny maslahatlaşarys. Stambuldaky dört taraplaýyn maslahatda sebitleýin meseleleri ele alarys" diýdi

1021760
Erdogan Siriýada başdan geçirilýän wakalaryň üstünde durup geçdi

Prezident Erdogan Siriýanyň Idlib sebitindäki çaknyşyklar bilen bagly bir soraga Eýranyň paýtagty Tähranda Russiýanyň we Türkiýäniň resmileriniň gatnaşmagynda geçiriljek Siriýa temaly maslahatda meseläniň giňişleýin ýagdaýda ele alynjakdygyny habar berdi. 

Erdogan ol maslahatdan ozal 7-nji sentýabrda Stambulda Fransiýanyň, Germaniýanyň we Russiýanyň resmileriniň gatnaşmagynda bolsa başga bir maslahatyň geçiriljekdigini habar berdi. 

Erdogan: "Näme edip boljakdygyny maslahatlaşarys. Stambuldaky dört taraplaýyn maslahatda sebitleýin meseleleri ele alarys" diýdi. 

Başar Asada tabynlykdaky güýçleriň Idlibe garşy guraýan hüjümleriniň kabul edilmeginiň mümkin däldigini aýdan Erdogan meseläni Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin bilen hem ara alyp maslahatlaşandygyny habar berdi. 

Erdogan bu mesele babatynda Russiýa bilen ylalaşandyklaryny belledi. 

ABŞ-niň hyzmatdaş hökmünde öz paýyna düşenini ýerine ýetirmeýändigini aýdan Erdogan: "Terror guramalaryna berilen ýaraglar häzirki wagtda bazarlarda satylýar. 5 müň ýük ulaglyk ýarag terror guramalarynyň ellerine berildi" diýdi. 

 


Etiketkalar: #Erdogan , #maslahat , #Siriýa , #Idlib

Degişli Habarlar