"Türkiýe hökmünde Afrikanyň hakyky dostu bolmak isleýäris"

Iş sapary bilen Günorta Afrika Respublikasyna giden Prezident Erdogan saparynyň çäginde ýurduň tanymal işewür adamlary bilen agşam naharynda duşuşdy

1021330
"Türkiýe hökmünde Afrikanyň hakyky dostu bolmak isleýäris"

BRIKS-iň 10-njy maslahatyna gatnaşmak üçin iş sapary bilen Günorta Afrika Respublikasyna giden Prezident Erdogan saparynyň çäginde ýurduň tanymal işewür adamlary bilen agşam naharynda duşuşdy.

Nahardaky sözlerine azat Günorta Afrikanyň esaslandyryjysy we ilkinji lideri Nelson Mandelany hatyralamak bilen başlan Erdogan, ýurtlaryň galkynyşynda, ykdysady taýdan ösüşinde güýçli syýasat bilen birlikde işewürleriň tutumynyň hem esasy rol oýnajakdygyna ünsi çekdi.

Prezident Erdogan işewürleriň goldawy bolmazdan başladylan galkynyş göçüminiň netije bermejekdigini belledi.

Erdogan Türkiýäniň soňky 16 ýylda eden öňe gidişliginde syýasatçylar bilen birlikde işleşen işewürleriň paýynyň ulydygyna ünsi çekdi.

Häkimiýetiň başyna gelen ýyllary bolan 2002-nji ýyldan bäri Türkiýäniň ykdysady taýdan uly öňe gidişlik edendigini aýdan Prezident Erdogan “Daş-töweregimizde başdan geçirilýän çaknyşyklara, durnuksyzlyga, kynçylyklara we 2016-njy ýylyň 15-nji iýulyndaky gan döküşikli agdarlyşyk synanşygyna garamazdan ýurdumyz 2017-nji ýylda ykdysady taýdan 7,4 göterim ösüş etdi. Şol san  bilen G-20-ä agza ýrutlaryň arasynda birinji, OECD-ä agza ýurtlaryň arasynda bolsa ikinji orny eýeledik. Taryhymyzyň iň uly üstünligini gazandygymyza garamazdan ýagty geljek üçin aýgytly ädimler bilen ýöremäge dowam edýäris. Afrika ýurtlary we esasan Günorta Afrika Respublikasy bilen edýän gatnaşyklarymyza hem şol nukdaý nazardan çemeleşýäris” diýdi.

Prezident Erdogan iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklarda soňky 16 ýylda uly öňe gidişlik edilendigini nygtady.

Emma iki ýurduň arasyndaky 2,2 milliard dollarlyk söwda mukdarynyň ýeterlik bolmandygyny aýdan Erdogan şol sany ilkinji etapda 10 milliard dollara çykarmagy maksat edinýändiklerini aýtdy.

Prezdent Erdogan Türkiýe hökmünde Afrikanyň hakyky dostu bolmak isleýändiklerini aýratyn belledi.

 

 

 

 

 

 

 



Degişli Habarlar