"Türkiýe bilen Russiýanyň arasyndaky arkalaşyk käbir ýurtlary biynjalyk edýär"

Prezident Erdogan Türkiýe bilen Russiýanyň arasyndaky arkalaşygyň käbir ýurtlary biynjalyk edýändigini aýtdy

1020490
"Türkiýe bilen Russiýanyň arasyndaky arkalaşyk käbir ýurtlary biynjalyk edýär"

 

Braziliýa-Russiýa-Hindistan-Hytaý-Günorta Afrika ýurtlarynyň liderleriniň gatnaşmagyndaky 10-njy BRIKS maslahatyna gatnaşmak üçin Günorta Afrika giden Prezident Erdogan maslahatyň çäginde Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin bilen duşuşdy.

Prezident Erdogan duşuşykda Türkiýe bilen Russiýanyň syýasy, ykdysady, medeni we söwda taýdan ýakyndan gatnaşyk edýändigini aýtdy.

Syýahatçylyk pudagynda özara gatnaşyklaryň gün saýyn ösýändigini aýdan Prezident Erdogan şu ýyl 6 million rus syýahatçynyň Türkiýä gelmegine garaşylýandygyny ýatlatdy.

Prezident Erdogan “özara gatnaşyklarymyz käbir ýurtlary biynjalyk edýär” diýdi.

Rus lideri Wladimir Putin hem iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň ösmeginden hoşaldygyny aýtdy.

Käbir kynçylyklaryň hötdesinden gelinmegi üçin özara gatnaşyklaryň dowam etjekdigini aýdan Putin “Duşuşykdan diýseň hoşal”diýip belledi.

 



Degişli Habarlar