Adatdan daşary ýagdaý bes edildi

Adatdan daşary ýagdaý etabynda diňe FETÖ garşy däl, eýsem PKK, DAIŞ ýaly beýleki terror guramalaryna garşy has täsirli göreş alynyp baryldy

1015164
Adatdan daşary ýagdaý bes edildi

Fetullahçy terror guramasynyň (FETÖ) 2016-njy ýylyň 15-nji iýulyndaky agdarlyşyk synanyşygyndan soň, 2016-njy ýylyň 21-nji iýulynda yglan edilen we möhledi her 3 aýdan 7 gezek uzaldylan Adatdan daşary ýagdaý şu gün gije sagat 01:00-dan başlap bes edildi.

Adatdan daşary ýagdaý etabynda diňe FETÖ garşy däl, eýsem PKK, DAIŞ ýaly beýleki terror guramalaryna garşy has täsirli göreş alynyp baryldy.

Göreşiň çäginde TBMM-de geçirilen gepleşikleriň netijesinde Adatdan daşary ýagdaýyň möhledi: 2016-njy ýylyň 19-njy oktýabry, 2017-nji ýylyň 19-njy ýanwary, 2017-nji ýylyň 19-njy iýuly, 2017-nji ýylyň 19-njy oktýabry, 2018-nji ýylyň 19-njy ýanwary we soňky gezek 2018-nji ýylyň 19-njy aprelinde bolmak bilen jemi 7 gezek uzaldyldy.  

Konstitutsiýa görä Adatdan daşary ýagdaý üçin yglan edilen möhlediň gutarýança çenli, täzeden uzaldylmagy bilen bagly rugsatnamanyň Mejlise hödürlenmän halatynda Adatdan daşary ýagdaý öz-özünden bes edilýär.

Şoňa laýyklykda 2016-njy ýylyň 21-nji iýulynda penşenbe güni sagat 01:00-da yglan edilen Adatdan daşary ýagdaý şu gün gije sagat 01:00-da bes edildi.



Degişli Habarlar