Türkiýede 15-nji iýul Demokratiýa we milli jebislik güni mynasybetli çäreler geçirildi

2016-njy ýylyň 15-nji iýulyndaky hyýanatçylykly agdarlyşyk synanyşygynyň 2-nji ýylynda, ýurdyň çar tarapynda 15-nji iýul Demokratiýa we milli jebislik güni mynasybetli çäreler geçirildi

1013182
Türkiýede 15-nji iýul Demokratiýa we milli jebislik güni mynasybetli çäreler geçirildi

Ýurdy garaňkylyga itmek islän, emma milleti hasaba almadyk Fetullahçy terror guramasynyň agzalary 2 ýyl ozal hyýanatçylykly agdarlyşyk synanyşygyny etdiler.  

Prezident Rejep Taýýip Erdoganyň çagyryşy bilen millionlarça adam köçelere çykdy.

Millet ol garaňky gijäni ýagtylyga öwürdi.

Özlerini taňklaryň, oklaryň öňüne zyňan 251 adam şehit boldy.

Hyýanatçylykly agdarlyşyk synanyşygynyň 2-nji ýylynda millionlarça adam bu gezek bolsa, şol gijäni ýatdan çykarmazlyk üçin ýurdyň dört künjeginde bir ýere jemlendi.

Erzurumda müňlerçe adam ellerinde Türkiýäniň baýdaklary bilen meýdançalara çykdylar.

Trabzonda ýaş diýmän, garry diýmän her kim meýdançalara ýygnandylar.

Sungat işgäri Ugur Yşylyk düýn gije sahna çykdy.

Diýarbakyr hem gahryman şehitlerini unutmady.

Demokratiýa nobatynyň ýene-de bir salgysy bolsa Antalýa boldy.

Siwas şäherinde takmynan 55 müň adam taryhy otly bekedinden şäheriň merkezindäki meýdança çenli ýöredi.

Ýozgatda Mehter toparynyň konserdi bilen başlan çärede müňlerçe raýat Türk baýdaklary bilen 15-nji iýul Demokratiýa we milli jebislik gününe goldaw berdi.

Ardahanlylar ýagan ýagyşa garamazdan, goldaw bermek maksady bilen bir ýere jemlendiler.

Amasýa, Kastamonu, Çorum we Ygdyr welaýatlarynda ägirt uly baýdaklar şäheriň meýdançalaryna çykaryldy.

Ygdyrda adamlar 200 metrlik Türkiýäniň baýdagy bilen ýörüş guradylar.  

Şyrnaklylar hem ellerinde Türkiýäniň baýdaklary bilen Demokratiýa nobaty üçin meýdançalara ýygnandylar.

Düzje welaýatynda hem Mehter toparynyň konserdi bilen başlan çäre müňlerçe adam Türkiýäniň baýdagy bilen 15-nji iýul Demokratiýa we milli jebislik gününe goldaw berdi.

Malatýada Demokratiýa nobatyndan ozal geçirilen ýörüşe gatnaşanlaryň arasynda atly topar hem bardy.

Kaýseri, Gaziantep we Eskişehir welaýatlarynda Gurhan okaldy, dogalar edildi.

Kyrykkale, Kahramanmaraş we Hataýda bolsa Mehter topary müňlerçe adamyň demokratiýa nobatyna ýoldaşlyk etdi.

Bu manyly gijede bir ýere jemlenen diňe millionlarça adam däldi.

Al-asmanda täze dogan aýyň çykmagy bu gijä aýratyn bir many berdi.  



Degişli Habarlar