Erdogan: “Milletden ýokarda hiç hili pany güýji ykrar etmeýäris”

“Häkimiýet milletiňkidir”

1012073
Erdogan: “Milletden ýokarda hiç hili pany güýji ykrar etmeýäris”
seref madalyası.jpg

Prezident R.T.Erdogan mundan 98 ýyl ozal bolşy ýaly şu günki günde-de milli ygtyýardan ýokarda haýsydyr bir pany güýji ykrar etmeýändiklerini aýtdy

Erdogan Mejlisiň taryhy binasynda Prezident dolanşygynyň ministrler kabinetiniň mejlisiniň 1-nji açylyş dabarasynda sözlän sözünde; “Geljegimize ynam bilen garajak Türkiýämizi gurýançak arman-ýadaman işläris” diýdi.

Erdogan Twitter arkaly Mejlisiň taryhy binasynda geçiren dabaradaky çykyşynyň dowamynda alynan fotosuraty “Häkimiýet milletiňkidir” belliği bilen ýaýratdy.

Beýleki tarapdan Prezident Erdogan Prezidentiň kompleksinde Mejlisiň başlygy we Türkiýäniň 27-nji Premýer ministri Binali Ýyldyryma Döwlet buýsanç medalynyň gowşurlyş dabarasyna gatnaşdy.

Erdogan dabarda sözlän sözünde Türkiýe Respublikasynyň 65-nji hökümetiniň Premýer ministri Ýyldyryma Döwlet buýsanç medalyny gowşurmak üçin jemlenşendiklerini nygtap; “Bu medal döwletimiziň dowamaty, ýurdumyzyň we milletimiziň bitewiligi, jemgyýetiň asudalygy, jebisligi üçin ýokary hyzmat edenlere berilýär. Köne egindeşim Binali beýe ýurdumyza eden hyzmatlary sebäpli minnetdarlyk bildirýärin. Ony şu günki güne çenli eden üstünlikli işleri bilen gutlaýaryn” diýdi.



Degişli Habarlar