Erdogan NATO maslahatynyň çäginde ikiçäk duşuşyklar geçirýär

Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýýip Erdogan Belgiýanyň paýtagty Brýusselde geçirilýän NATO maslahatynyň 2-nji gününde ikiçäk duşuşyklar geçirýär

1011240
Erdogan NATO maslahatynyň çäginde ikiçäk duşuşyklar geçirýär

Prezident Erdogan Brýusselde ilki bilen NATO-nyň Döwlet we hökümet Baştutanlarynyň maslahatynyň 3-nji oturlyşygyna gatnaşdy, soň bolsa Italiýanyň Premýer ministri Juzeppe Konteni kabul etdi.

Erdogan ondan soň bolsa maslahatyň Owganystan temaly bölümine gatnaşdy.

Rejep Taýýip Erdogan Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew we Bosniýa-Gersegowinanyň Prezidium geňeşiniň agzasy Bakir Izzetbegowiç bilen duşuşdy.

Türk lider Erdogan Fransiýanyň Prezidenti Emmanuel Makron, Ukrainanyň Prezidenti Petro Poroşenko, Bolgariýanyň Prezidenti Radew bilen duşuşyk geçirer.

Erdogan günortandan soň bolsa Owganystanyň Prezidenti Eşref Gani Ahmedzai we Gresiýanyň Premýer ministri Çipras bilen duşuşyk geçirer.

Erdogan NATO maslahatynyň tamamlanmagyndan soň, şu gün agşam ýurda gaýdyp geler.


Etiketkalar: #Italiýa , #Erdogan , #NATO

Degişli Habarlar