Binali Ýyldyrym Mejlisiň başlyklygyna saýlandy

Adalat we ösüş partiýasynyň Izmirden deputaty Binali Ýyldyrym TBMM-niň başlyklygyna saýlandy

Binali Ýyldyrym Mejlisiň başlyklygyna saýlandy

TBMM-de geçirilen ses berilşikde Binali Ýyldyrym 335 deputatyň sesini alyp Mejlisiň başlyklygyna saýlandy. 

TBMM-däki ses berilşige 584 deputat gatnaşdy. 

Ak partiýanyň Izmirden deputaty Binali Ýyldyrym 335 deputatyň sesini alan bolsa, Respublikan Halk partiýasynyň Stambuldan deputaty Erdogan Toprak 135, Halklaryň demokratik partiýasynyň Siirtden deputaty Meral Danyş Beştaş 63, Gowy partiýanyň Stambuldan deputaty Haýrettin Nuhogly 40, Bagtyýarlyk partiýasynyň Stambuldan deputaty Jihangir Islam 5 deputatyň sesini aldy. 6 deputatyň sesi bolsa güýçsiz hökmünde ykrar edildi.  

Şoňa laýyklykda Binali Ýyldyrym sesleriň köplügi hökmünde kabul edilen 301 sesden gowrak ses alyp, TBMM-niň 28-nji başlygy hökmünde saýlandy. 



Degişli Habarlar