NATO maslahaty şu gün başlaýar

Belgiýanyň paýtagty Brýusselde şu gün başlajak NATO maslahatyna ençeme ýurdyň lideri gatnaşar

1010022
NATO maslahaty şu gün başlaýar

Ertir hem dowam etjek NATO agza ýurtlaryň Döwlet we hökümet baştutanlarynyň maslahaty ilkinji gezek NATO-nyň täze binasynda geçiriler.

Maslahat aralarynda Türkiýäniň dikuçarynyň hem bolan 20 harby dikuçaryň çykyşy bilen başlar.

Prezident Dolanşyk ulgamynyň ilkinji Prezidenti bolan Rejep Taýýip Erdogan Ministrler kabinetiniň täze agzalaryny saýlanyndan soň, ilkinji gezek halkara maslahata gatnaşar.

Türkiýäniň Baş ştabynyň ozalky başlygy Hulusi Akar, Milli Goranmak ministri hökmünde ilkinji gezek halkara maslahata gatnaşar.

Berat Albaýrak hem Maliýe we gazna ministri hökmünde ilkinji gezek maslahata gatnaşar.

Erdogan maslahatyň çäginde ABŞ-niň Prezidenti Donald Tramp, Fransiýanyň Prezidenti Emmanuel Makron we Britaniýanyň Premýer ministri Tereza Meý başda bolmak bilen NATO agza ýurtlaryň liderleriniň ençemesi bilen duşuşyk geçirer we ikiçäk gepleşikler geçirer.

Duşuşyklaryň barşynda NATO agza käbir ýurtlaryň ekstremist terror guramasy PKK-nyň Siriýadaky şahasy ÝPG-e berýän goldawynyň we Türkiýäniň Russiýadan alan S-400 howa goranyş ulgamlarynyň ele alynmagyna garaşylýar.

Beýleki tarapdan Prezident Erdoganyň ÝB geňeşiniň başlygy Donald Tusk, ÝB Komissiýasynyň başlygy Žan-Klod Ýunker we Ýewropa Parlamendiniň başlygy Antonio Tažani bilen aýry-aýry duşuşmagyna garaşylýar.


Etiketkalar: #NATO , #Erdogan , #maslahat

Degişli Habarlar