Çawuşogly ABŞ-ny Siriýa meselesinde Türkiýä beren sözünde durmaga çagyrdy

"ABŞ hyzmatdaşdygyny subut etmeli we anyk başlangyç etmeli”

1002503
Çawuşogly ABŞ-ny Siriýa meselesinde Türkiýä beren sözünde durmaga çagyrdy

Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly ABŞ-ny Türkiýä Siriýa meselesinde beren sözlerinde durup, anyk çäre görmäge çagyrdy

Gatnaşan teleýaýlymynda ABŞ bilen käbir düşnüşmezlikleri başdan geçirýändiklerini aýdan Çawuşogly, ABŞ bilen Siriýanyň Manbij etrabynyň terrorçylardan saplanmagy barada ylalaşandyklaryny, indi ABŞ-nyň sözünde durmalydygyny nygtady.

Çawuşogly: “ABŞ bilen gatnaşyklarymyzy ösdürmek üçin iş meýilnamasyny amala aşyrarys. ABŞ hyzmatdaşdygyny subut etmeli we anyk başlangyç etmeli” diýdi.

ABŞ bilen meseleleriň çözülmegi üçin işjeň topar döredendiklerini beýan eden Çawuşogly: “İlçihanalaryň işleri barada işjeň topar döretdik. 12-nji iýulda Ankarada ilkinji maslahat geçiriler. Ekstremist terror guramasy PKK bilen bagly hem işjeň topar dörederis. Emma onuň maslahatynyň nirede geçiriljekdigi henize çenli kesgitlenmedi” diýdi.

ABŞ-nyň PKK-nyň Siriýadaky bölegi PÝG/ÝPG-ä beren ýaraglaryny yzyna aljakdygyny beýan eden Çawuşogly: “Ýaraglary ÝPG-ä ABŞ berdi, ýene-de ABŞ ýygnar. Ählisini ýygnap bilmez. Käbirleri ýok, PKK we ÝPG olary satdy” diýdi.

ABŞ-nyň Eýran bilen baglaşylan ýadro ylalaşygyndan çekilmegi barada-da durup geçen ministr Çawuşogly: “ABŞ-nyň karary ýalňyş bolsa biz oňa goşulmaga mejbur däl. Kararlar parahatçylyk we durnuklylyk babatda bolsa, biz ony goldarys” diýdi.



Degişli Habarlar