Türkiýe Howa Goranyş Ulgamyny Güýçlendirýär

Türkiýäniň köp gatlakly howa raketa goranyş ukybynyň ýerli mümkinçiliklerden peýdalanyp, ösdürilmegi ugrundaky tagallasy ýokary depginde dowam edýär

1001775
Türkiýe Howa Goranyş Ulgamyny Güýçlendirýär

Türkiýe howa goranyş islegini kanagatlandyrmak maksady bilen köp ugurly iş alyp barýar.

Türkiýäniň Howa we Raketa Goranyş Meýilnamasyna laýyklykda ýurduň köp gatlakly howa raketa goranyş ukybynyň ýerli mümkinçilikler bilen ösdürilmegi boýunça taslama modelleri taýarlanýar. Ýerli kämilleşdiriş modeline laýyklykda türk firmalarynyň öňbaşçylygynda, gerek bolan halatynda daşary ýurt firmalarynyň, guramalarynyň we edaralarynyň tehniki goldawy bilen işler dowam etdirilýär.

Şunuň bilen birlikde grafika we kämilleşdiriş işleri tamamlanan taslamalarda kömekçi senagatlaryň hem-de Kiçi we orta ululykdaky kärhanalaryň goşandy bilen önümçilik üçin meýilleşdiriş işleri amala aşyrylýar. Şol maksada laýyklykda “ASELSAN-yň”  we “ROKETSAN-yň”  başda durmagynda goranyş senagatynda iş alyp barýan beýleki firmalaryň hem bar bolan şertlerden hem-de ukyplaryndan peýdalanyp maýa goýum goýmaklary tellip edilýär we ýurduň daşynda bäsleşip bilmek üçin pudagyň durnuklylygy üpjün edilýär.

Howa goranyşy boýunça esasy strategik maksatlardan birini “Howa goranyş pudagyndaky ýerli şertlerden we mümkinçiliklerden peudalanyp, Türkiýäniň köp gatlakly howa goranyşyny üpjün etjek taslamalaryň iş ýüzüne geçirilmegi” emele getirýär.

 

Şol strategiýa laýyklykda NATO-nyň degişli işjeň toparlary we döwletara goranyş senagaty hyzmatdaşlyklary bilen birmeňzeş arkalaşyklara gatnaşyk ýola goýulyp, howa goranyş ulgamlarynyň ösdürilmegi we önümçiligi boýunça dünýäde ulanylýan usulyýetler bilen ýakyndan gyzyklanylýar.

“Hisar” taslamasynyň çäginde ýüze çykarylan ulgamlaryň ýerli we eksport görnüşleri üçin talaplar göz öňünde tutulyp, 40 kilometrden ýokary aralyga çenli artdyrylmagy boýunça taýarlyklar dowam etdirilýär.

“Göktug” taslamasynyň çäginde öndüriljek howadan-howa raketasynyň “Hirasyň” çäginde öndürilen ýer ulgamlaryndan peýdalanylmagy nazarda tutulýar.

Şeýle-de “Korkut” taslamasynyň çäginde öndürilen ulgamyň deňiz platformasyna integrirlenmegi boýunça synaglar tamamlanar. Şeýlelikde Harby deňiz güýçleri serkerdeliginiň ulgama bolan isleginiň ýerli şertlerde kanagatlandyrylmagy üpjün ediler.

“Hisarda” üstünlikli synaglar dowam edýär

Goranyş senagaty guramasynyň utgaşdyrmagyndan “ASELSAN” bilen “ROKETSAN-yň” hyzmatdaşlyk etmeginde öndürilen “Hisar” howa goranyş raketalarynyň synag atyşlary üstünlikli amala aşyryldy.

Synag atyşlary geçirilen pes belentlikdäki (Hisar-A/15) we orta beleklikdäki (Hisar O/25) howa goranyş raketalary harby bazalaryň, portlaryň, desgalaryň we goşunlaryň howa howplaryndan goralmagy üçin durnukly we öwrümli ganatly uçarlara, ganatly raketalara, howadan gury ýere atylýan raketalara we uçarmansyz howa ulaglaryna garşy goranyş üçin öndürildi.

“Hirar-A-nyň” 2020, “Hisar-O-nyň” 2021-nji ýylyda ulanylmaga berilmegine garaşylýar.

“Korkut” deňizde-de gorar

Gruyýer goşunlarynyň serkerdeligine gowşurylmaga başlanan “Korkut” ulgamy harby gämileriň raketalardan goralmagynda hem peýdalanylar.

Şol maksada laýyklykda alynky prototip hökmünde öndürilen “Korkut-D” ulgamy Deňiz güýçleri serkerdeliginiň goldaw bermeginde tälim gämisi TJG S.Mehmetpaşa integrirlendi. Ulgam bilen geçirilen synaglar “Korkut-D-niň” gämileri raketalardan goramak üçin peýdalanylyp bilinjekdigini görkezdi.

Geçirilen atuwly synagyň dowamynda “Korkut-D” kesgitleýiş, yzarlaýyş we atyş hüjümini öz içine alýan ähli funksiýalary operatorsyz, öz-özünden ýerine ýetirdi we raketa hüjümi görnüşinde ýokary tizlik bilen deňiziň üstünden golaýlap gelýän nyşanany urup, ýok etdi.

Uzak aralyk strategiýasy

Türkiýe uzak aralykly howa we raketa goranyş islegini gysga möhletde Russiýadan aljak S-400 raketalary kanagatlandyrar.

Orta möhletde beýleki ýurtlar bilen bilelikde öndüriljek ulgamlara gönükjek Türkiýe, “ASELSAN”, “ROKETSAN” we EUROSAM” firmalarynyň şäriklik etmeginde “SAMP-T” howa goranyş ulgamyndan hem ýokary ulgamyň üstünde adalga kesgitleýil işlerini alyp barýar.

Uzak möhletde bolsa dolulygyna ýerli uzak aralykly howa we raketa goranyş ulgamyna eýe bolmak maksat edinilýär.



Degişli Habarlar