Germaniýanyň Prezidenti Prezident Erdogana telefon edip saýlaw ýeňişi bilen gutlady

Germaniýa Türkiýede 24-nji iýunda geçirlen prezident we parlament saýlawynyň netijesine sarpa goýýandygyny habar berdi

999694
Germaniýanyň Prezidenti Prezident  Erdogana telefon edip saýlaw ýeňişi bilen gutlady

Germaniýanyň Prezidenti Frank Walter Şteinmeier Prezident R. T. Erdogana telefon edip saýlaw ýeňişi bilen gutlady.

Daşary işler ministri Heiko Maas hem türk saýlawçysynyň kararyna sarpa goýýandyklaryny aýtdy.

Maas Lüksemburgda beren beýanatynda Türkiýe bilen edýän gatnaşyklary we Germaniýada ýaşaýan türkler sebäpli Türkiýede geçirlen saýlawlar bilen ýakyndan gyzyklanandyklaryny belledi.

“Türk saýlawçysynyň kararyna sarpa goýýarys” diýen Maas, Germaniýa-Türkiýe we Türkiýe -Ýewropa gatnaşyklarynyň pugtalanmagyny tama edýändiklerini belledi.

Gresiýanyň Premýer ministri Aleksis Çipras hem Prezident Erdogana telefon edip saýlaw ýeňişi bilen gutlady.

 

 


Etiketkalar: #Germaniýa , #Gresiýa , #Erdogan

Degişli Habarlar