Wladimir Putin Erdogany saýlaw ýeňişi bilen gutlady

Täze dolanşyk ulgamynyň ilkinji prezidentligine saýlanan R. T. Erdogana dünýäden gutlag ýüzlenmeleri gelmäge dowam edýär

999266
Wladimir Putin Erdogany saýlaw ýeňişi bilen gutlady

Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin ýaňadandan prezidentlige saýlanan R. T. Erdogany gutlady.

Putin Erdogana ugradan gutlag telegramasynda saýlawyň netijesiniň Türkiýäniň daşary syýasatdaky täsiriniň güýçlenmegi üçin Erdoganyň ýolbaşçylygynda alyp barýan syýasatlaryna berilýän uly goldawyň görkezijisidigine ünsi çekdi.

Eýranyň Prezidenti Hasan Ruhany hem Prezident Erdogany saýlaw ýeňişi bilen gutlady.

Eýranyň Prezident diwanynyň internet saýtynda berlen ýüzlenmede “Prezident saýlawyndaky ýeňişiňiz bilen sizi tüýs ýürekden gutlaýaryn” diýildi.

Wenesuellanyň Prezidenti Nikolas Maduro hem Prezident Erdogana telefon edip saýlawda gazanan ýeňişi bilen gutlady.

Kosowanyň Prezidenti Haşim Taçi, Bahreýiniň Şasy Hamed Bin Isa Al Halife bilen Mirasdar Şazada Salman Bin Hamed Al Halife, Belarusyň Prezidenti Lukaşenko, Somaliniň Prezidenti Muhammed Abdullah Fermaju, Bolgariýanyň Premýer ministri Boýko Borisow, Ukrainanyň Prezidenti Petro Poroşenko, Gazagystanyň Prezidenti Nursoltan Nazarbaýew hem Prezident R. T. Erdogany saýlawda gazanan üstünligi bilen mähirli gutlady.

 

 

 



Degişli Habarlar