Erdogan saýlaw gutularynyň açylmagyndan soň halka ýüzlenip çykyş etdi

Prezident Erdogan milletiň prezidentlik wezipesini özüne, Mejlisdäki köplügi bolsa Adalat we ösüş partiýasy bilen “Jemhur” arkalaşygyna berendigini aýtdy

998919
Erdogan saýlaw gutularynyň açylmagyndan soň halka ýüzlenip çykyş etdi

Özüne we arkalaşyga ses beren saýlawçylara sagbolsun aýdan Erdogan, ýurduň içinde we daşynda ses beren raýatlary gutlady.

Milletiň erkin ygtyýary bilen ses berendigini aýdan Erdogan, ses beriş tapgyrynyň kämillik bilen tamamlanmagyna hoşallyk bildirdi.

Hiç kimiň saýlawyň netijelerine şübheli garamagyny islemeýändigini aýdan Erdogan, şol netijeleriň 90 göterimlik rekord gatnaşyk bilen bütin dünýä demokratiýa sapagy bolandygyny nygtady.

Prezident Erdogan özüni gutlan ähli ýurtlaryň liderleri bilen halklaryna minnetdarlygyny bildirdi.

Milletiň saýlawyň netijeleri bilen ýol görkezendigini beýan eden Erdogan, kampaniýalaryň dowamynda dartgynlyklaryň we öýke-kineleriň yzda galdyrylmalydygyny isledi.

Türkiýäniň ähli ugurda öňe gitmegi üçin göreşiň gije-gündiz dowam etjekdigini beýan eden Erdogan, geçmişde haýsydyr bir sebäpden çetleşdirilen adamlaryň demokratiýanyň ähli şertlerinden peýdalanmaga dowam etjekdigini beýan etdi.

Mejlisde täze ulgamyň talap edýän konstitutsion özgertmeleriň arkalaşyk bilen amala aşyrylmaga başlanjakdygyny beýan eden Erdogan, hak-hukuklar we azatlyklar taýdan hem täze başlangyçlaryň ediljekdigini nygtady.



Degişli Habarlar