Türkiýe ilkinji F-35 kysymly harby uçaryny kabul edip aldy

Türkiýe F-35 kysymly uçarlardan jemi 100 sanysyny almagy meýilleşdirýär

997035
Türkiýe ilkinji F-35 kysymly harby uçaryny kabul edip aldy

 

Türkiýe radar ulgamlary ýaly ýokary tehnalogiýa ukuby bilen Howa güýçleri serkerdeliginiň geçirýän harby operasiýalaryna uly goşant goşjak ilkinji F-35 kysymly uçaryny kabul edip aldy.

Türkiýäniň goşandy bilen taýarlanan F-35 kysymly  uçar taslamansnyň çäginde ilki uçaryň gowşurylmagy üçin ABŞ-nyň Teksas-Ford Worthede ýerleşýän Lockheed Martin desgalarynda ýörite dabara geçirildi.

Uçaryň gowşurlyş dabarasyna Goranyş senagaty edarasynyň ýokary derejeli, taslamada ýer alan türk firmalarynyň we Lockheed Martin firmasynyň ýokary derejeli ýolbaşçylary gatnaşdy.

Türkiýäniň kabul edip alan ilkinji F-35 harby uçary, Türk howa güýçleri serkerdeliginiň inwentaryna giren 5-nji nesil harby uçary boldy.

18-0001 belgisi bilen kabul edilip alynan ilkinji F-35 uçary uçarmanlaryň tälimlerinde ulanylar we munyň üçin Arizonada ýerleşýän Lkue harb howa bazasyna ugradylar.

İlkinji uçardan soň ýakynda 2-nji uçaryň, 2019-njy ýylyň mart aýynda bolsa 3-nji we 4-nji uçaryň Türkiýä gowşurylmagyna garaşylýar.

 Uçarlar uçarmanlara tälim berilmegi üçin häzirlikçe ABŞ-da galar.

Türkiýä gowşuryljak 5-nji we 6-njy uçarlar bolsa 2019-njy ýylyň noýabr aýynda gönüden Türkiýä getirler.

Türkiýe Howa güýçleri serkerdeliginiň geçirýän harby operasiýalaryna uly goşant goşjak ilkinji F-35 kysymly uçarlardan jemi 100 sanysyny almagy meýilleşdirýär.

Türkiýe 1999-njy ýylda taslamasy taýarlanan F-35 uçarlarynyň öndürilmegi etabynda uly rol oýnady.



Degişli Habarlar