“PKK/PÝD-ÝPG 4-nji iýuldan başlap Manbijden çekilmäge başlar”

Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly ekstremist terror guramasy PKK/PÝD-ÝPG-niň 4-nji iýuldan başlap Siriýanyň Manbij sebitinden çekilmäge başlajakdygyny habar berdi

996755
“PKK/PÝD-ÝPG 4-nji iýuldan başlap Manbijden çekilmäge başlar”

Mewlüt Çawuşogly Antalýada işewür adamlar we jemgyýetçilik pikirleriň liderleri bilen duşuşyk geçirdi.

Ol ýerde söz sözlän Çawuşogly ABŞ bilen baglaşylan Manbij meýilnamasy bilen bagly beýanat berdi.

Meýilnamanyň durmuşa geçirilmäge başlanandygyny aýdan Mewlüt Çawuşogly 1 aýlyk taýarlyk etabyndan soň meýilnamanyň durmuşa geçirilmäge başlanjakdygyny mälim etdi.

Mewlüt Çawuşogly: “Meýilnama esasan hem 4-nji iýuldan öň, 4-nji iýun-4-nji iýul aralygynda taýarlyk işleriniň tamamlanmagy we terrorçylaryň 4-nji iýuldan başlap çekilmäge başlanmagyndan ybarat. Meýilnama şular ýaly ýagdaýda işlär” diýdi.

Häzirki wagtda meýilnamanyň dolulygyna işleýändigini aýdan Mewlüt Çawuşogly: “Terrorçylaryň sebiti boşaltmak meýilnamasynda hiç hili bökdençlik ýok. Şol sebäpli mundan soňky etapda şular ýaly dowam etjekdigine hiç hili şübhämiz ýok” diýdi.

ABŞ bilen baglaşylan ylalaşygy diplomatik ýeňiş hökmünde häsýetlendiren Çawuşogly: “Meýdanda öňi bilen ädim ederis, soň bolsa stolda bu eden ädimimiziň soňuna çenli arkasynda durarys” diýip belledi.

ABŞ-niň F-35 harby uçarlaryny Türkiýe bermegi bilen baglanşykly hiç hili aladalarynyň bolmandygyny aýdan Çawuşogly: “Türkiýä çäresiz däl we alternatiwasyz däl” diýdi.

Çawuşogly ABŞ-niň Türkiýe ýaly bir hyzmatdaşyny ýitirmek islemejekdigini belledi.



Degişli Habarlar